Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RSF: Metbugat azatlygyna howp artýar


Serhetsiz Reportýorlar guramasynyň (RSF) 2017-nji ýyl boýunça Dünýä metbugatynyň indeksi atly hasabaty
Serhetsiz Reportýorlar guramasynyň (RSF) 2017-nji ýyl boýunça Dünýä metbugatynyň indeksi atly hasabaty

Metbugat azatlygy boýunça iş alyp barýan Serhetsiz Reportýorlar guramasy (RSF) metbugat azatlygyna basyşlaryň repressiw ýurtlarda we demokratiýanyň modeli hasaplanýan ýurtlarda gitdigiçe artýandygyny aýdýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän toparyň 26-njy aprelde çap eden 2017-nji ýyl boýunça Dünýä metbugatynyň indeksi atly hasabatynda metbugat azatlygynyň depelenmeginiň indi diňe awtoritar ýurtlara we diktaturalara degişli däldigi bellenýär.

Gurama metbugat erkinligi boýunça öň “gowy” ýa-da “belli bir derejede gowy”ýagdaýly diýlip baha berilen ýurtlaryň bir ýylyň dowamynda yza gaýdandygyny aýdyp, demokratiýanyň nusgasy diýlip atlandyrylýan ýurtlarda žurnalistleriň ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny belleýär.

“Adatça metbugat azatlygyna düýp esaslarynyň biri hökmünde çemeleşýän demokratiýalar tutuş dünýä üçin nusga bolmagynda galmagyny dowam etdirmeli-de, tersine bolmaly däl” diýip, Serhetsiz reportýorlar guramasynyň baş sekretary Kristof Deloire aýtdy.

Guramanyň dünýä ýurtlarynda metbugat azatlygynyň ýagdaýyna baha berip, düzen sanawynda Türkmenistan 178-nji setirde ýerleşdirilip, onuň dünýä ýüzünde Demirgazyk Koreýa we Eritreýa bilen bilelikde metbugata iň berk gysyş görkezýän ýurtdugy bellenýär.

XS
SM
MD
LG