Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet, Hytaý ABŞ-nyň Günorta Koreýadaky harby aktiwligini ýazgardylar


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Moskwa, 26-njy aprel, 2017.

Orsýet we Hytaý ABŞ-nyň Günorta Koreýada ornaşdyrmak üçin raketadan goranyş sistemasynyň böleklerini aşyryp başlamagyndan soň Waşingtony tankyt etdiler.

26-njy aprelde Moskwada geçirilen howpsuzlyk konferensiýasynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň ballistik raketalara garşy sistemasynyň (THAAD) “gyssagly ornaşdyrylmagynyň” Koreýa ýarymadasynda durnuksyzlandyryjy faktor bolup durýandygyny aýtdy.

Lawrowyň sözlerine görä, Orsýet “Phenýanyň raketa we ýadro programmalarynyň amala aşyrylmagynyň dowam etdirilmegine, şeýle-de ABŞ-nyň we onuň regional ýaranlarynyň Demirgazyk Koreýanyň salýan howpuna salgylanmak bilen ýagdaýa laýyk bolmadyk möçberde harby aktiwligini güýçlendirmegine” çuňňur aladalanma bildirýär.

Hytaý ABŞ-nyň THAAD sistemasynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda Waşingtona we Seula aladalanma bildirendigini aýtdy.

ABŞ Demirgazyk Koreýadan abanýan howpdan goramak üçin Günorta Koreýada THAAD sistemasyny ornaşdyryp başlandygyny mart aýynda mälim etdi.

Raketadan goranyş sistemasyny ýerleşdirilmek işi Demirgazyk Koreýanyň Ýapon deňzinde dört sany ballistik raketasyny synamagynyň ertesi başlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG