Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň Türkmenistana sapar etmegine garaşylýar


Ýaponiýanyň daşary işler ministri Fumio Kisida

Ýaponiýanyň daşary işler ministri Fumio Kisidanyň maý aýynda Türkmenistana sapar etmegine garaşylýar.

Media maglumatlaryna görä, Fumio Kisidanyň saparyna degişli meseleler Ýaponiýanyň resmi toparynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahat edilipdir.

25-nji aprelde Aşgabatda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň we nebit-gaz pudagy boýunça partnýorlygyň maslahat edilendigi habar berilýär.

2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abeniň Aşgabada eden saparynyň netijesinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekip, taraplaryň umumy bahasy 18 milliard dollarlyk proýektleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýandygy habar berlipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG