Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Türkmenistan gyzzyrma keselinden azat ýurtlaryň sanawyna girdi


Aýakçy - gyzzyrma keseliniň ýaýramagyna sebäp bolýan mör-möjek (Anopheles stephensi)
Aýakçy - gyzzyrma keseliniň ýaýramagyna sebäp bolýan mör-möjek (Anopheles stephensi)

Türkmenistanyň, Ermenistanyň we Gyrgyzystanyň soňky ýyllarda gyzzyrma keselinden (malýariýa) azat diýlip ykrar edilendigi Bütindünýä saglyk guramasynyň gyzzyrma keseline garşy halkara gününe gabatlap çap eden hasabatynda aýdylýar.

Şeýle resminamanyň keselçiligiň üç ýylyň dowamynda ýüze çykmagy bilen bagly ýagdaýyň hasaba alynmadyk ýurtlara berilýändigi aýdylýar.

Bellenişine görä, gyzzyrma keseline garşy çäreler öz netijeliligini görkezipdir we 2001-nji ýyldan başlap, Afrika ýurtlarynda bu keselden 663 million adamy goramaga kömek beripdir. Çybyndan, aýakçydan goraýan torlar iň netijeli çäreleriň biri hasaplanylýar diýlip bellenýär.

Türkmenistanyň gyzzyrma keseline garşy amala aşyran çäreleri we ýagdaýy suratlandyrýan statistika maglumatlary mälim edilmeýär.

XS
SM
MD
LG