Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Gülen bilen baglanyşykda güman eden müňden gowrak adamy tussag etdi


Türkiýe ABŞ-da ýerleşýän türk dinçisi Fethulla Gülen bilen aragatnaşykda bolmagyny güman eden 1000-den gowrak adamy tussag etdi, Türkiýe, 25-nji aprel, 2017.
Türkiýe ABŞ-da ýerleşýän türk dinçisi Fethulla Gülen bilen aragatnaşykda bolmagyny güman eden 1000-den gowrak adamy tussag etdi, Türkiýe, 25-nji aprel, 2017.

Türkiýe ABŞ-da ýerleşýän türk dinçisi Fethulla Gülen bilen aragatnaşykda bolmagyny güman eden 1000-den gowrak adamy 26-njy aprelde tussag etdi we yzýany polisiýa güýçleriniň 9000 müň çemesi işgärini wagtlaýyn işden çetleşdirdi.

Bu operasiýa Türkiýäniň häkimiýetleriniň geçen ýylyň iýul aýynda başa barmadyk harby agdarylyşygy amala aşyrmaga synanyşykda aýyplan herekete garşy soňky aýlarda amala aşyran iň uly göwrümli çäresi boldy.

Polisiýa Türkiýäniň ähli 81 regionynda bir wagtda çäre geçirdi we polisiýa güýçlerine gatnaşygy bolan 1120 adamy tussag etdi diýip “Anadolu” döwlet agentligi habar berdi.

Operasiýa 8500 çemesi polisiýa işgäri gatnaşdy diýip “Anadolu” habar berýär.

Birnäçe sagatdan soň 9103 işgäriň ýurduň polisiýa güýçlerinden çykarylandygy we olaryň Güleniň hereketi bilen güman edilýän gatnaşyklarynyň derňelýändigi aýdyldy.

Içeri işler ministri Suleýman Soýlu milli derejede geçirilen operasiýalary hökümetiň Güleniň hereketini “çökermek” maksatly äden möhüm ädimi diýip häsiýetlendirdi.

Şübhe astyna alnan adamlaryň Güleniň “gizlin ymamlar” diýlip atlandyrylýan wekilleri bolmagy güman edilýär we olar polisiýa güýçleriniň düzümindäki ýaranlaryna görkezme bermekde aýyplanýar.

Soýlu olaryň “polisiýa aralaşyp, alternatiw polisiýa strukturasyny döretmek arkaly ony daşardan dolandyrmaga synanyşmakda” güman edilýändigini aýtdy.

Gülen dildüwüşik barada ähli aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG