Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tükmenistanyň Döwlet gümrük gullugy resmi websaýtyny işe girizdi


Türkmenistanyň "Sarahs" gümrük terminaly.
Türkmenistanyň "Sarahs" gümrük terminaly.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Merkezi gümrük terminalynyň resmi websaýtyny işe girizendigini yglan etdi.

“Täze websaýtyň işe girizilmegi Türkmenistanyň guryýer portlarynyň teklip edýän hyzmatlarynyň hilini ýokarlanmak boýunça strategiýany durmuşa geçirmek ugrunda möhüm ädim bolup durýar. Bu Merkezi gümrük terminaly, “Ymamnazar”, “Sarahs” we “Farap” diýlip, media maglumatlarynda aýdylýar.

Şeýle-de bellenişine görä, Merkezi gümrük terminaly müşderileriň öz çykdajylaryny azaldyp, gümrükden geçmegiň wagtyny kemeltmäge mümkinçilik berýän doly görnüşli gümrük hyzmatlaryny teklip edýär.

“Müşderiler öz harytlarynyň howpsuz we abat bolmagyna rahat bolup bilerler” diýlip habar berilýär.

Resmi websýatda ýurduň guryýer gümrük terminallaryň dördüsinde teklip edilýän hyzmatlaryň görnüşleri we bahalar barada maglumat berilýär.

Türkmenistanda dört sany guryýer porty we bir deňiz porty bar. Türkmenbaşy deňiz porty Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýär.

Türkmen hökümetiniň döwlet edaralarynyň işinde ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yglan edýän çäreleriniň çäginde soňky döwürde käbir resmi guramalary internet hyzmatlaryny teklip edip başladyar.

Hususan-da, aprel aýynyň başynda Migrasiýa gullugy Türkmenistanyň raýatlaryna biometriki pasportyny internet arkaly taýýarlatmak hyzmatyny teklip etdi.

XS
SM
MD
LG