Sepleriň elýeterliligi

ÝB Makedoniýadaky zorlugy ýazgardy


Etnik alban Talat Haferi Makedoniýanyň parlamentiniň täze ýolbaşçysy wezipesine saýlanmagynyň yzýany çykyş etdi, Skopiýe, 27-nji aprel, 2017.

Makedoniýanyň kanun çykaryjylarynyň bileleşiginiň başlygy prezident Giorg Iwanow bilen duşuşmakdan 28-nji aprelde ýüz öwürdi. Munuň öňüsyrasynda bu Balkan ýurdunda protestçileriň ençemesi partlamente hüjüm edip, deputatlaryň birnäçesine topuldylar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini ýurtda iki ýyl bäri dowam edýän syýasy çykgynsyzlyk sebäpli barha güýçlenýän zorluklary ýazgaryp çykyş etdi we häzirki ýagdaýy “aýratyn alada dörediji we gynandyryjy” diýip atlandyrdy.

“Biz Skopiýede ähli adamyň konstitusional ýörelgelere, demokratiýa eýerjegine we ýurdy howp döredip biljek krizisden alyp çykmaga synanyşjagyna umyt baglaýarys” diýip, Mogerini Maltada Ýewropa Bileleşiginiň duşuşygynyň öňüsyrasynda žurnalistlere aýtdy.

Käbiri gara nikaply demonstrantlar Sosial demokratlaryň we etnik albanlaryň bileleşiginiň parlamentiň täze ýolbaşçysy wezipesine etnik alban Talat Haferini tassyklan pursadynda bina girdiler.

XS
SM
MD
LG