Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: “Talyban” söweş möwsümini başlaýandygyny yglan etdi


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň esgerleri, Ainak, Helmand welaýatynyň Nawa etraby, 26-njy aprel, 2017.

Owganystanyň “Talyban” topary 28-nji aprelde bahar söweşleriniň möwsümini başlaýandygyny yglan etdi we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalision güýçlere hem owgan goşunyna hüjüm etmegi wada berdi.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid elektron poçta arkaly ýaýradan beýannamasynda söweşiji toparyň häzirki wagtda ýurduň ýarysyndan gowragyna gözegçilik edýändigini aýdyp, ABŞ-nyň fewral aýynda çap eden hasabatynda Owganystanyň hökümetiniň ýurduň 407 etrabynyň 52%-ne gözegçilik edýändigini görkezýän sanlara salgy berdi.

“Talybanyň” şu ýylky söweş möwsümi “Mansouri operasiýasy” diýlip atlandyrylýar. Geçen ýylda “Talybany” lideri Mansouri ABŞ-nyň sürüjisiz uçarynyň amala aşyran zarbasynyň netijesinde öldürildi.

“Talybanyň” şu ýylky söweş möwsüminiň başynda Owganystanyň demirgazygynda harby baza amala aşyran hüjümi iň weýrançylykly boldy we 140 çemesi owgan esgeriniň wepat bolmagyna getirdi.

XS
SM
MD
LG