Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Günorta Gyrgyzystanda azyndan 24 adamy ýer basdy


Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Kubatbek Boronow

Günorta Gyrgyzystanda 29-njy aprelde, irden bir obanyň üstünden düşen ýer süýşmesi netijesinde azyndan 24 adam heläk boldy.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi Oş regionyndaky Aýu obasynda diriligine jaýlanan adamlaryň arasynda dokuz sany çaganyň hem bolandygyny aýtdy.

Hadysanyň bolan ýerine onlarça halas ediş işgäri getirildi we olar aman galanlary gözlemek bilen meşgul.

Prezident Almazbek Atambaýew adatdan daşary ýagdaýlar ministri Kubatbek Boronowy ýer basan oba iberip, ejir çeken maşgalalara zerur kömegi bermegi tabşyrdy.Onlarça adam göni gelen betbagtçylykdan aman galdy, ýöne olar jaýlaryny ýitirdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG