Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hikmatýar “Talybany” parahatçylyk gepleşiklerine çagyrýar


Gulbeddin Hikmatýar Laghman söz sözleýär.
Gulbeddin Hikmatýar Laghman söz sözleýär.

Owganystanyň iň ýakasy gaýyşly uruş serkerdeleriniň biri “Talybany” hökümet güýçleri bilen söweşi goýmaga hem-de parahatçylyk gepleşiklerine goşulmaga çagyrdy.

"Men sizi parahatçylyk kerwenine goşulmaga hem-de manysyz we mukaddes däl urşy bes etmäge çagyrýaryn” diýip, ozalky premýer-ministr Gulbeddin Hikmatýar 29-njy aprelde Lagman welaýatynda, owgan syýasatçylarynyň we öz tarapdarlarynyň ýygnanyşygynda eden çykyşynda aýtdy.

"Men azat, buýsançly, garaşsyz we yslam Owganystanyny isleýärin” diýip, Hekmatýar iki onýyllyga golaý wagtda ilkinji gezek jemgyýetçilige çykanda aýtdy.

Prezident Aşraf Ganiniň 29-njy aprelde çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, Hikmatýar bilen ylalaşyk "owganlaryň dawa-jenjeli gepleşik arkaly çözmek ukybynyň bardygyny görkezýär”.

“Hezb-e Yslamy” syýasy partiýasyny esaslandyryjy we onuň häzirki ýolbaşçysy Hikmetýar sentýabrda owgan hökümeti bilen parahatçylyk ylalaşygyna gol çekdi.

XS
SM
MD
LG