Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan 24 adamyň hatyrasyna milli ýas gününi yglan etdi


Atambaýew oba adamlaryna ýer süýşme ähtimallygynyň öňünden duýdurylandygyny aýtdy.
Atambaýew oba adamlaryna ýer süýşme ähtimallygynyň öňünden duýdurylandygyny aýtdy.

Gyrgyzystan 30-njy aprelde bir gün ozal ýurduň günortasynda bolan ýer süýşmesinde ýogalan 24 adamyň hatyrasyna milli ýas gününi yglan etdi.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi 29-njy aprelde Oş sebitiniň Aýu obasynda ýer astynda galan pidalaryň arasynda 9 sany çaganyň hem bolandygyny aýtdy.

Agyr düşen gara garamazdan, 400-den gowrak adamyň gatnaşmagynda guralan gözleg-agtaryş işleri 30-njy aprelde hem dowam etdirildi diýip, ýerli media habar berdi.

Prezident Almazbek Atambaýew prezidentiň YouTube kanaly arkaly eden wideo ýüzlenmesinde oba adamlaryna ýer süýşme ähtimallygynyň öňünden duýdurylandygyny aýtdy we adamlary ekspertleriň duýduryşlaryna gulak asmaga çagyrdy.

Gyrgyzystanyň territoriýasynyň 95 prosenti daglyk ýerler bolup, bu ýurtda şu gyş gar we ýagyş agyr ýagdy. Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi ýurtda 5 müň çemesi ýere hakyky ýer süýşmesi we sil howpunyň abanandygyny aýtdy.

2004-nji ýylda bolan läbik süýşmesi bu ýurtda 33 adamy öldüripdi.

XS
SM
MD
LG