Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani eýranlylara awtoritar dolandyryş wehimini duýdurýar


Hassan Rohani
Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, esasy garşydaşy ykdysady syýasatyny tankytlaýan mahaly, eýranlylara özüniň berk liniýaly bäsdeşlerini goldamagyň ýurda awtoritar dolandyryşy getirip biljekdigini duýdurdy.

Rohani we onuň esasy bäsdeşi Ebrahim Reýsi 29-njy aprelde, telewizion çekişmeden bir gün soň aýry-aýry ýygnanyşyklarda çykyş etdi. Eýranda 19-njy maýda geçiriljek prezident saýlawlaryna üç hepde wagt galdy.

Ikinji möhlet prezidentlige dalaş edýän Rohani Ýezd şäherinde eden çykyşynda “biz olara ýurtda ýene howpsuzlyk we polisiýa gözegçiligi atmosferasyny yzyna getirmäge ýol bermeris” diýdi.

ReýsiTähran stadionynda toplanan mähelläniň öňünde ýurtdaky ykdysady ýagdaýy tankyt etdi.

"Şu günki gün biziňýaşlarymyzyň 30 prosenti işsiz, işsizligiň derejesi bolsa 12 prosentden geçdi” diýip, ol aýtdy. “Bu ýagdaý dowam etmelimi? Ýa biz daşary ýurtlylaryň öz problemalarymyzy çözmegine garaşmalymy?” diýip, Reýsi ýurtdaky hökümet dolandyryşynyň kabul edip bolmajak derejede gowşakdygyny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG