Sepleriň elýeterliligi

Belarusyň oppozisiýa lideri Mikalaý Statkewiç tussag edildi


Mikalaý Statkewiç

Belarusyň oppozisiýa lideri Mikalaý Statkewiçiň aýaly öz adamsynyň planlaşdyrylan anti-hökümet protesleriniň öň ýanyndan tussag edilendigini aýdýar.

Marina Adamowiç 30-njy aprelde polisiýanyň özüni bir gün ozal Statkewiçiň bäş günlük tussag astyna alnandygyndan habarly edendigini aýtdy.

Ol öz adamsynyň näme sebäpden tussag edilendigini aýtmady.

Şu ýyl Belarusda adaty bolmadyk protestler tolkuny ýaýbaňlandy. 1-nji maýda Minskde ýene bir protest planlaşdyrylýar.

XS
SM
MD
LG