Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: ABŞ-nyň goldamagyndaky söweşijiler YD garşy söweşde üstün çykdylar


"Siriýanyň demokratik bileleşigi" atly toparyň agzalary, Rakka şäheriniň günbatarynda ýerleşýän Tabka şäherçesi, 9-njy aprel, 2017.

ABŞ tarapyndan goldanýan kürt-arap güýçleri Siriýada “Yslam döwleti” (YD) toparynyň galasy hasaplanýan Rakka şäheriniň golaýyndaky Tabka şeherçesinde söweşijilere garşy göreşde öňegidişlik gazandylar, diýip synçy topar habar berýär.

Beýik Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary boýunça göregçi atly toparyň 30-njy aprelde aýtmagyna görä, "Siriýanyň demokratik bileleşigi" diýlip tanalýan topar häzirki wagtda Tabka şäherçesiniň 70%-ne gözeçilik edýär.

“Köne şäher tutuşlygyna ele alyny, täze şäherçäniň girelgelerinde güýçli söweş alnyp barylýar” diýip, guramanyň müdiri Rami Abdel Rahman aýtdy.

"Siriýanyň demokratik bileleşigi" atly toparyň ABŞ-nyň howadan amala aşyran goldawyna daýanyp, eýelän Tabka şäheri Ýefrat derýasynyň we harby aeroportuň golaýynda ýerleşýär.

Şäheriň ilat sany 85 müň adam çemesi.

2011-nji ýylda hökümete garşy demonstrasiýalardan başlanan konflikt zerarly Siriýada 300 müň çemesi adam wepat boldy.

Hökümet güýçleriniň we oppozisiýanyň arasyndaky konflikte soňra taraplaryň ikisine-de garşy söweşýän YD topary goşulypdy.

XS
SM
MD
LG