Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stoltenberg: NATO Owganystandaky harbylarynyň sany barada karara geler


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Günbataryň harby bileleşiginiň Owganystanda yslam gozgalaňçylaryna garşy göreşde ýardam bermek üçin öz goşunlarynyň sanyny artdyrmak meselesi boýunça karara gelmäge taýýardygyny mälim etdi.

Germaniýanyň “Welt am Sonntag” neşriniň 30-njy aprelde çap eden interwýusynda Stoltenbergiň bellemegine görä, Owganystanda howpsuzlyk ýagdaýynyň “çylşyrymlylygy” nukdaý nazaryndan NATO-nyň Owganystandaky harbylarynyň sanyny häzirki 13 müňden has artdyrmagy mümkin. Emma NATO-nyň ýolbaşçysy takyk san bermedi.

NATO Owganystanda ýerleşýän goldaw toparynyň düzümindäki harbylar ýerli güýçlere türgenleşik, goldaw we geňeş ugurlardan ýardam berýärler.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleri Owganystana 16 ýyl mundan ozal baryp, “Talybany” häkimiýet başyndan çetleşdiripdi.

NATO-nyň Owganystandaky söweş missiýasy 2014-nji ýylda resmi taýdan tamamlanaly bäri, “Talybanyň” owgan harbylaryna edýän hüjümleri güýçlendi.

XS
SM
MD
LG