Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani Eýranyň nebit önümçiliginde öz-özüne bil baglap biljegini aýdýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Pars aýlagynda nebiti gaýdan işleýji zawody açyp, ýurduň ýangyç önümleri bilen öz-özüni üpjün etmäge ukyply boljagyny aýtdy. Rohani bu proýektiň durmuşa geçirilmeginiň 2015-nji ýylyň ýadro ylalaşygy sebäpli mümkin bolandygyny aýtdy.

Rohani 30-njy aprelde Bandar Abbas zawodunda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda “nebit önümleriniň önümçiliginde öz-özüňe daýanmak eýran halky üçin örän buýsançlydyr” diýdi.

Bandar Abbas Tährandan 1205 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Eýran günde 64 million litr ýangyç öndürýär we içerki zerurlyklary üçin 12 million litr import edýär.

Täze gurlan zawodyň 2018-njy ýylda doly güýje girenden soň günde 36 million litr nebit öndürmäge ukyply boljagy aýdylýar.

19-njy maýda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda gaýtadan saýlanmaga dalaş edýän Rohani ýurduň berk syýasatynyň tarapynda çykyş edýän ýolbaşçylary tarapyndan tankyt edilýär. Olar Eýranyň Günbatar bilen baglaşan ýadro ylalaşygynyň Tährana uly ykdysady bähbit getirmeýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG