Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleri duşuşar


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Aşgabat.

Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, ca.news neşri habar berýär.

Maglumata görä, “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogynyň çäginde geçirilýän altynjy duşuşygyň dowamynda regionda we dünýäde durnuklylygy hem howpsuzlygy üpjün etmek, Owganystanda ýagdaýy kadalaşdyrmak, söwda-ykdysady, ösen tehnologiýa we medeni-ynsanperwer ugurlardan aragatnaşyk bilen bagly meseleleriň maslahat ediljegi aýdyldy.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyklaryň düýbi 2004-nji ýylda tutulypdy.

XS
SM
MD
LG