Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň raketadan goranyş sistemasy Günorta Koreýada işläp başlady


ABŞ-nyň ballistik raketalara garşy sistemasy (THAAD), Seongju, 1-nji maý, 2017.

ABŞ-nyň Hytaýda we Orsýetde gahar-gazap döreden gapma-garşylykly raketadan goranyş sistemasy Günorta Koreýada işläp başlady. Bu barada 2-nji maýda Seulyň hem Waşingtonyň resmileri habar berdiler.

Seongjuda öňki golf meýdançasynda ýerleşdirilen ABŞ-nyň ballistik raketalara garşy sistemasy (THAAD) Demirgazyk Koreýa tarapyndan islendik raketanyň ýa-da ýadro hüjüminiň “öňünden öňüni almaga” ukyply diýip, resmiler aýdýarlar.

Öň THAAD sistemasynyň 2017-nji ýylyň aýagyna çenli işläp başlajagy habar berilipdi.

Bu sistemanyň Koreýa ýarym adasynda ornaşdyrylmagyna Günorta Koreýanyň özünde hem garşylyk bildirildi.

Tankytçylar ABŞ-nyň we Seulyň THAAD sistemasyny 9-njy maýda geçiriljek saýlawlara çenli ornaşdyrmak boýunça eden tagallalarynyň sebäplerini soraga goýýarlar. Prezident Park Geun-hye korrupsiýa bilen bagly aýyplamalar bilen bagly dawanyň netijesinde ynamsyzlyk bildirilip, prezidentlik wezipesinden çetleşdirilenden soň geçiriljek saýlawlar Seulyň hökümetini çalyşar.

Öňde barýan liberal dalaşgär Moon Jae-in Demirgazyk Koreýa bilen gatnaşyklara çagyryş edýär we prezident bolan ýagdaýynda THAAD sistemasyna gaýtadan garamagy wada berýär.

Demirgazyk Koreýa 29-njy aprelde nobatdaky raketa synagyny geçirdi.

XS
SM
MD
LG