Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň prezidenti Türkmenstana iş sapary bilen barar


Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow (s) we Şawkat Mirziýaýew (ç)
Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow (s) we Şawkat Mirziýaýew (ç)

Özbegistanyň prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen barar. Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, 1-nji maýda iki ýurduň prezidentleriniň arasynda geçirilen telefon gepleşiginde Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýaýewi iş saparyny geçirip, Balkan welaýatynyň ösüşi, tebigy resurslary özleşdirmek boýunça proýektler we deňiz portunyň gurluşygy bilen tanyşmagy teklip edipdir.

Mirziýaýewiň teklibi kabul edendigi we onuň wagt möhletiniň kesgitlenjekdigi aýdylýar.

Resmi maglumata görä, iki ýurduň prezidentleri goňşy döwletleriň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, transport-aragatnaşyk we medeni-gumanitar ugurlardan ýokary derejedäki gatnaşyklaryň güýçlenendigini belläpdir.

Şawkat Mirziýaýew 6-7-nji martda Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrypdy.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Kerimowyň aradan çykmagynyň yzýany häkimiýet başyna geçen we dekabr aýynda prezident saýlanan Mirziýaýew döwlet baştutany wezipesindäki ilkinji saparyny Türkmenistan amala aşyrdy.

XS
SM
MD
LG