Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Globalfirepower: Merkezi Aziýada harby kuwwat taýdan Özbegistan birinji, Türkmenistan üçünji ýerde


Harby ýöriş, Aşgabat, 27-nji oktýabr, 2016
Harby ýöriş, Aşgabat, 27-nji oktýabr, 2016

Globalfirepower neşriniň dünýä ýurtlarynyň harby taýýarlygy boýunça hasabatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Özbegistanyň goşunynyň iň kuwwatly hasaplanýandygy, onuň yzýany Gazagystanyň we Türkmenistanyň barýandygy aýdylýar.

125 ýurdy öz içine alýan hasabatda Türkmenistan 84 setirde ýerleşdirilipdir.

Postsowet ýurtlarynyň arasynda birinji ýerde Orsýet, ikinji ýerde Ukraina bolup, Özbegistanyň goşunynyň kuwwaty boýunça üçünji ýerde durýandygy maglumatda bellenýär. Hasabatda Orsýet ikinji setirde, Ukraina 30-njy we Özbegistan 48 setirde görkezilipdir.

Dünýä ýurtlarynyň harby kuwwatyna baha berilende goşunyň sany, gury ýerde, howada we deňizde harby çäreleri amala aşyrmak üçin ulanylýan harby tehnikanyň sany ýaly onlarça meseleleriň hasaba alynýandygy aýdylýar.

Türkmenistan soňky ýyllarda milli goşunynyň maddy-tehniki üpjünçiligini artdyrýar.

XS
SM
MD
LG