Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda NATO-nyň harby kerwenine garşy güýçli partlama amala aşyryldy


Partlamanyň bolan ýeri, Kabul, 3-nji maý, 2017.
Partlamanyň bolan ýeri, Kabul, 3-nji maý, 2017.

Kabulda 3-nji maýda NATO-nyň harby kerwenine garşy güýçli partlama amala aşyryldy, onuň netijesinde azyndan sekiz adam wepat boldy we 28 adam ýaralandy. Olaryň arasynda koalisiýanyň esgerleriniň bolandygyny resmiler aýtdylar.

“Yslam döwleti” topary bu partlama özüniň jogapkärdigini “Aamak” atly media guraly arkaly habar berdi.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekiliniň sözlerine görä, partlama NATO-nyň Kabuldaky edarasynyň golaýynda irden köçelerde ulaglaryň köp bolan wagtynda bolupdyr.

“Gynansak-da (pidalaryň) köpüsi raýatlar” diýip, metbugat-wekili Najib Daniş aýtdy.

NATO partlama zerarly koalisiýanyň üç esgerine “janyna howp salmaýan ýara” ýetendigini aýtdy.

NATO partlamanyň elde ýasalan gural arkaly amala aşyrylandygyny we daşary ýurtly esgerleri alyp barýan iki sany agyr harby ulagy ýumurandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG