Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň we Türkiýäniň prezidentleri Soçide duşuşdylar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Moskwa, 10-njy mart, 2017

3-nji maýda Soçide Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Orsýetiň prezidenti duşuşygyň başynda sözlän sözünde iki ýurduň "doly görnüşli" gatnaşyklary dikeldýändigini aýtdy. Putin gepleşikleriň Siriýadaky konflikte gönükdiriljekdigini mälim etdi.

Siriýadaky graždan urşunda gapma-garşy taraplary goldaýan Orsýet we Türkiýe 2015-nji ýylyň noýabrynda Türkiýäniň we Siriýanyň serhedinde türk uçarynyň orsýet uçaryny urup ýere gaçyrmagyndan soň özara gatnaşyklaryny gaýtadan dikeldip başladylar.

Erdoganyň Orsýete edýän saparynyň öňýanynda 3-nji maýda Ankarada žurnalistlere aýtmagyna görä, Siriýadaky krizisden syýasy çykalga tapmak meselesi Ankara we Moskwa üçin özara maksat bolup durýar.

Orsýet, Türkiýe we Eýran Siriýada parahatçylygy gazanmak ugrunda bitarap giňişlik hökmünde Gazagystanda geçirilýän gepleşiklerde araçylyk edýärler.

Parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň Siriýanyň hökümet resmileriniň we oppozisiýasynyň gatnaşmagynda 3-nji maýda başlanmagynyň planlaşdyrylýandygyny Gazagystanyň Daşary işler ministrligi mälim etdi.

XS
SM
MD
LG