Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan çilimkeşlige garşy bir aýlyk çärelerine girişdi


Köpçülikleýin çäre, Türkmenistan
Köpçülikleýin çäre, Türkmenistan

Türkmenistanda çilimkeşlige garşy göreş boýunça bir aýyk çäreler başlandy. Döwlet mediasynyň habar bermegine görä, döwlet edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem şäher ýaşaýjylarynyň gatnaşmagyndaky resmi çäreler 1-nji maýda dabaraly ýagdaýda başlandy.

Döwlet derejesinde çilimkeşlige garşy göreşi yglan eden Türkmenistan temmäki önümleriniň söwdasyny döwletiň gözegçiliginde saklaýar. 2016-njy ýylyň martynda ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň ähli ygtyýary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi.

Şol bir wagtda-da ýurtda çilimiň “gara bazary” hereket edip, çilim döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan iki esse gymmat bahadan satylýar.

Türkmen ýolbaşçylary Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden doly azat ýurda öwürmek maksadyny apreliň ortasynda ýene-de resmi derejede tassykladylar.

Şol bir wagtda-da ýurtda çilimkeşleriň sanyny we umuman çilimkeşligiň möçberini görkezýän beýleki görkezijiler köpçülige mälim edilmeýär.

XS
SM
MD
LG