Sepleriň elýeterliligi

Eýranda kömür käninde bolan partlamada azyndan 35 adam wepat boldy


Eýranyň halas edijileri partlamada ýaralananlara kömek berýärler, Golestan, 3-nji maý, 2017.

Eýranyň döwlet mediasy azyndan 35 işgäriň 3-nji maýda ýurduň demirgazygynda kömür käninde bolan partlamada wepat bolandygyny habar berýär.

Resmileriň IRNA täzelikler agentligine aýtmagyna görä, partlama ýeriň astynda kände metan gazynyň jemlenmegi sebäpli bolupdyr.

Media maglumatlaryna görä, partlamanyň uly çuňlukda emele gelmegi sebäpli 3-nji maýda partlamadan 12 sagat geçende diňe 21 adamyň jesedi ýeriň astyndan çykarylypdyr.

Eýranyň Golestan welaýatynda Zemestanýurt kömür käninde partlamanyň emele gelen wagtynda ýeriň astynda 80 çemesi işgäriň bolandygy aýdylýar.

Şol bir wagtda-da häkimiýetler azyndan 69 adamyň ýaralanandygyny tassykladylar we işgärleri halas etmek boýunça çäreleriň geçirilýändigini habar berdiler.

Häkimiýetler diri galanlary halas etmek üçin 4-nji maýda irden çäreleriň dowam etdirilendigini aýtdylar.

Käbir işgärleriň 1800 metr çuňlukda galandygy çak edilýär. 4-nji maýda irden geçirilen gözeg işlerinde halas edijiler diňe 800 metrlik çuňluga ýetdiler.

XS
SM
MD
LG