Fransiýanyň prezidentlik kandidatlary 3-nji maýda telewizion çekeleşiklerde bäsleşdiler we bir-birini Ýewropa Bileleşiginde galmak meselesinden başlap, terrorizme garşy göreş we Orsýet bilen gatnaşyklar ýaly temalardan tankyt etdiler.
Çekeleşige Fransiýanyň soňky onýyllyklarda iň möhüm saýlawlary hasaplanýan ses berişlikde öňe saýlanan merkezçi 39 ýaşly Emmanuel Makron we 48 ýaşly Marine Le Pen gatnaşdy.
Gahar-gazaply çykyşynda Le Pen Makronyň maýa goýumlar boýunça öňki bankir bolmagy bilen bagly geçmişini ýatlady we ony ykdysadyýetiň “uberizasiýasynyň” ýagny oňaýlaşdyrylmagynyň we “gazply globalizasiýanyň” tarapdary hökmünde suratlandyrdy.
Makron Le Peni işsizlik ýaly ykdysady problemalardan real çykalga görmezlikde aýyplady. “Siziň strategiýaňyz köp ýalan sözlemekden ybarat, siz hiç zady teklip etmeýärsiňiz” diýip, Makron aýtdy.
Fransiýada prezidentlik saýlawlarynyň birinji tapgyry 23-nji aprelde geçirildi, ikinji tapgyry 7-nji maýda geçiriler.