Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Siriýadaky howpsuz zona ABŞ-nyň uçarlary üçin ýapyk bolar


ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň dikuçary, Siriýanyň Derik atly kürt şäheri, 25-nji aprel, 2017
ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň dikuçary, Siriýanyň Derik atly kürt şäheri, 25-nji aprel, 2017

Orsýetli diplomat Orsýetiň, Türkiýäniň we Eýranyň araçylygyndaky ylalaşyga laýyklykda Siriýada dörediljek howpsuz zonanyň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň uçarlary üçin ýapyk boljagyny aýtdy.

Orsýetiň Gazagystandaky gepleşiklere gatnaşan resmi toparynyň başlygy Aleksandr Lawrentýew bu barada 5-nji maýda Astanada memoranduma gol çekilmeginiň yzýany aýtdy.

"De-eskalasiýa zonalarynda howa çäreleri – aýratynam halkara koalisiýasynyň güýçleri tarapyndan – düýpden göz öňünde tutulmaýar, muňa öňünden duýdurylmagynyň ýa duýdurylmazlygynyň tapawudy ýok” diýip, Lawrenýew aýtdy we “mesele ýapykdyr” diýip belledi.

Orsýet, Türkiýe we Eýran tarapyndan goldanan ylalaşykda ähli uçurlaryň gadagan edilmegine çagyryş edilýär.

Soňky iki ýylyň dowamynda Siriýada Orsýetiň we ABŞ-nyň howadan amala aşýan aýra-başga zarbalary dartgynlylyga sebäp bolupdy.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterres 4-nji maýda ylalaşygy makullady, emma onuň netijeliliginiň iş ýüzünde görkezilmelidigini belledi.

XS
SM
MD
LG