Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň häkimiýetleri 9-njy maýda 'Müdimi goşun' ýörişini geçirmezligi karar etdiler


Orsýetde esaslandyrylan “Müdimi goşun” ýörişi, Wladiwostok, 9-njy maý, 2016.
Orsýetde esaslandyrylan “Müdimi goşun” ýörişi, Wladiwostok, 9-njy maý, 2016.

Täjigistanyň häkimiýetleri nasistik Germaniýa garşy uruşdaky ýeňişi bellemek üçin postsowet ýurtlaryň ençemesinde 9-njy maýda geçirilýän ýörişe goşulmazlyk kararyna geldiler.

Prezidentiň Duşenbedäki Strategiki barlaglary merkeziniň müdiri Hudoiberdy Holiknazarow şu ýyl bu ýörişi geçirmezlik barada kararyň syýasat bilen baglanyşygynyň ýokdugyny 5-nji maýda AÝ/AR-na aýtdy.

Geçen ýylda Täjigistan Ikinji Jahan Urşunyň weteranlarynyň we raýatlaryň urşuň dowamynda wepat bolan hossarlarynyň portretlerini göterip, ýörişe çykmagyna ilkinji gezek rugsat beripdi.

Orsýetde esaslandyrylan “Müdimi goşun” atly ýöriş 9-njy maýda öňki sowet ýurtlarynyň ençemesinde birnäçe ýyl bäri geçirilýär.

Orsýetiň Täjigistandaky ilçisi Igor Lýakin-Frolow 5-nji maýda karara nägilelik bildirip, uruşda wepat bolan täjikleriň hormatlanmaga mynasypdygyny aýtdy.

Täjigistanyň “Howar” döwlet agentligi ýörişi geçirmezlik kararynyň howpsuzlyk aladalanmalary bilen baglydygyny aýtdy, şeýle-de “yslam däpleriniň merhum adamlaryň suratlarynyň köpçülikleýin görkezilmegine rugsat bermeýändigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG