Sepleriň elýeterliligi

Ýüzlerçe owganly Kabulda Hikmetýara garşy protest bildirdi


Protestçiler, Kabul, 5-nji maý, 2017.

Ozalky jeňçi lider Gulbetdin Hikmetýar hökümet bilen baglaşan parahatçylyk ylalaşygy astynda yzyna dolanyp, Kabulda uly ýygnanyşyk geçirenden birnäçe sagat soň, ýüzlerçe owganly Kabulda oňa garşy protest gurnady.

Stadionda we Hikmetýaryň hökümet tarapyndan maliýeleşdirilen rezidensiýasynyň garşysynda 5-nji maýda guralan ýygnanşyk jeňçi lider üstündäki uly bölünşigi açyp görkezdi.

Hikmetýaryň Hezbe-Yslamy topary 1990-njy ýyllardaky owgan raýat urşy mahalynda iň bir ganly zorluklara jogapkär boldy. Hikmetýar şondan bir gün öň, iki onýyllykdan gowrak bosgunlykdan soň, Kabula dolanyp geldi.

Protestçiler 1992-96-njy ýyllardaky konflikt mahalynda öldürilen diýilýän adamlaryň fotosuratlaryny göterip, hökümetden Hikmetýary öz jenaýat aýyplamalary esasynda sud jogapkärçiligine çekmegi talap etdiler.

Hezbe-Yslamy topary sentýabrda prezident Aşraf Ganiniň hökümeti bilen parahatçylyk ylalaşygyna gol çekdi we olar öz ýaraglaryny taşlap, hökümete garşy pitneçiligi bes etmegi wada berdiler.

XS
SM
MD
LG