Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa: Makronyň saýlaw ştabyna haker hüjümi edildi


Merkezçi Makron saýlawda aşa sagçylaryň kandidaty Marin Le Pene garşy durýar.

Fransiýanyň prezidentlige kandidaty Emmanuel Makronyň wekilleri anna güni agşam özleriniň saýlaw ştabynyň elektron poçtasynyň we beýleki aragatnaşyk serişdeleriniň “häkerleriň köpçülikleýin kordinirlenen hüjümine” sezewar bolandygyny aýtdylar.

Ýöne ogurlanan maglumatlaryň detallary aýdylman, diňe dogruçyl maglumatlaryň ýalňyş maglumatlar bilen çalşyrylandygy aýdylýar.

Anna güni ýekşenbe güni geçiriljek ikinji tapgyr ses berişligiň iň soňky aktiw agitasiýa günüdi.

Merkezçi Makron saýlawlarda aşa sagçylaryň kandidaty Marin Le Pene garşy durýar.

Bu gün Fransiýada dymyşlyk güni. Ýurtda saýlawlaryň bir gün öňýany metbugatda we köçede wagyz etmäge rugsat berilmeýär.

Ertir fransuzlar aşa sagçy Marin Le Pen bilen merkezçi Emmanuel Makronyň haýsam bolsa birini seçer.

Soňky pikir soramalar Makronyň öňde barýandygyny görkezdi. Emma ekspertler bu saýlawyň uzak wagt bäri iň bir netijesini çaklamak kyn we wajyp ses berişlikdigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG