Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus aktiwistleri Moskwada protest ýygnanyşygyny geçirýärler


Rus actiwisti Ildar Dadin 2012-nji ýylyň 6-njy maýynda tutulan protestçleri goldaýar.
Rus actiwisti Ildar Dadin 2012-nji ýylyň 6-njy maýynda tutulan protestçleri goldaýar.

Rus oppozisiýa aktiwistleri 6-njy aprelde 2012-nji ýylyň maýynda Moskwanyň Bolotnaýa skwerinde bolan protestleriň 5 ýyllygyny gabatlap, ýygnanyşyk geçirýärler.

Moskwanyň häkimiýetleri şäher merkeziniň Saharow prospektindäki seksiýasynda oppzisiýa ýygnanyşygyny geçirmäge rugsat berdiler diýip, egindeş-guramaçy Mihail Şneýder aýtdy.

Beýleki egindeş-guramaçy Aleksandr Ryklin geçen aý Interfax habar gullugyna bu ýygnanyşyga 10 müňe çenli adamyň gatnaşmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

2012-nji ýylyň 6-njy maýynda Moskwanyň Bolotnaýa skwerinde birnäçe müň adam prezident Wladirimir Putiniň gaýtadan saýlanmagyna garşy protest bildiripdi we ol ýerde polisiýa bilen protestçileriň arasynda çaknyşyklar boldy, 400-den 700-e çenli adam tussag edildi, 30-dan gowrak adama resmi aýyp bildirildi.

XS
SM
MD
LG