Nigeriýa 2014-nji ýylda “Boko Haram” tarapyndan alnyp gaçylan 200-den gowrak mekdep okuwçysynyň 82-siniň azat edilendigini aýdýar.
Okuwçy gyzlar ekstremist toparyň agzasy bolmakdagüman edilýän tussaglaryň azat edilmegi netijesinde ýesirlikden boşadylypdyr.
Hökümetiň 7-nji maýda ýaýradan beýanaty Çibok mekdep okuwçylarynyň bir gün ozal azat edilendigi baradaky habaryň ilkinji resmi tassyklanmasy boldy.
Emma beýanatda “Boko Haramyň” agzasy bolamakda güman edilýänleriň näçesiniň türmeden boşadylandygy aýdylmaýar. Nigeriaýanyň resmileri “Boko Haram” topary bilen gepleşiklere şweýsar hökümeti bilen Halkara Gyzyl haç jemgyýetiniň kömek edendigini aýtdylar.
Ýesirlikden boşadylan gyzlar2014-nji ýylyň aprelinde Çibok şäherindäki mekdepden alnyp gaçylan 276 gyzyň arasynda ogurlandy we ol gyzlaryň 57-si ýesirlikden gaçyp gutulmagy başardy.
Ýene bir 21 gyz bolsa, 2016-njy ýylyň oktýabrynda azatlyga goýberildi, 2017-nji ýylyň ýanwarynda birnäçe gyz gaçyp sypmagy başardy. Emma olardan ýene 113 gyz tapylmaýar.