Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak güýçleri günbatar Mosulyň demirgazyk çetine golaýlaýar


Günbatar Mosulyň demirgazygyndaky söweş, 5-nji maý, 2017 ý.
Günbatar Mosulyň demirgazygyndaky söweş, 5-nji maý, 2017 ý.

Yrak goşunlary, “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň kontroly astynda bolan onlarça raýaty ewakuasiýa edip, günbatar Mosulyň demirgazyk çetine golaýlaýar diýip, harby serkerdeler aýdýar.

Harbylaşdyrylan federal polisiýanyň başlygy Raed Çaker 6-njy maýda öz goşunlarynyň 3-nji maýda başlanan hüjümden bäri ekstremistlerden 500 metr çemesi territoriýany yzyna alyp, Mosulyň demirgazyk-günbataryndaky al-Haramat etrabynyň içine, YD-nyň kontrollygyndaky ýere tarap ilerländigini aýtdy.

"Biziň güýçlerimiz al-Haramatdaky söweş meýdanyndan onlarça asuda adamy ewakuasiýa etdi” diýip, ol aýtdy we günüň dowamynda 15-den gowrak jeňçiniň öldürilendigini hem sözüne goşdy.

ABŞ-nyň goldawyndaky yrak güýçleri Mosuly YD söweşijilerinden saplamak ugrunda söweşýärler, bu ýer YD-nyň Yrakdaky soňky mesgeni bolup durýar.

Gündogar Mosul azat edildi. Yrak güýçleri gür ilatly günbatar Mosulda ganly söweşler netijesinde öňe süýşýär we olar 190-ny aprelde başlan hüjümden bäri 1000 çemesi YD ekstremistiniň gazaply garşylygyna duçar bolýar.

XS
SM
MD
LG