Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat bilen Kabul TOPH we serhet howpsuzlygyny maslahatlaşdy


TOPH kartasy
TOPH kartasy

Bilelikdäki türkmen-owgan topary 2-4-nji maýda owgan paýtagty Kabulda iki ýurduň arasyndaky proýektleriň we serhet uçastoklarynyň howpsuzlygy barada maslahat etdi. Bu barada Türkmen DIM-niň websaýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa Kabulda owgan prezidenti Aşraf Gani we beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen hem duşuşdy.

Taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we iki ýurduň arasyndaky beýleki taslamalarynyň howpsuzlygy barada maslahat etdiler.

Şeýle-de mejlisde özara serhedi goramak we türkmen-owgan serhedine ýakyn etraplaryň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdylýar.

TOPH geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda başlandy.

Emma ekspertler onuň owgan böleginiň gurluşygynyň howpsuzlygyny sorag astyna alýarlar.

Şeýle-de, Türkmenistanyň gaz eksportyndan gelýän girdejileriniň kesgin azalmagy netijesinde, bu proýektiň maliýeleşdirilmeginiň kynlaşandygyaýdylýar.

XS
SM
MD
LG