“Yslam döwleti” toparynyň Owganystandaky lideriniň geçen aýda Nangarhar regionynda owgan hökümetiniň we ABŞ-nyň bilelikdäki operasiýalarynyň netijesinde öldürlendigini ýurtlaryň resmileri 7-nji maýda mälim etdiler.
Abdul Hasib geçen ýylda Hafiz Saeediň ABŞ-nyň sürüjisiz uçary tarapyndan öldürilmeginiň yzýanybellenipdi. Onuň ABŞ-nyň ýörite güýçleriň 50 sany harbysynyň we 40 sany owgan harbysynyň gatnaşmagynda geçirilen ýörite çäräniň netijesinde öldürilendigi ABŞ-nyň we Owganystanyň ýaragly güýçleriniň bilelikdäki beýannamasynda aýdylýar.
Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani Hasibiň ölümini tassyklady.
Prezidentiň edarasynyň 7-nji maýda agşam çap eden beýannamasynda Hasibiň 10 gün mundan öň öldürlendigi, emma köpçülige mälim etmezden öň “hökümetiň täzeligi tassyklamak we onuň ölümi barada ygtybarly bolmak isländigi” aýdyldy.
Beýannamada Hasibiň 8-nji martda Kabulyň harby keselhanasynda onlarça adamyň öldürilmegine getiren hüjümiň esasy guramaçysy bolandygy aýdylýar.
ABŞ-nyň harbylarynyň aýtmagyna görä, Nangarhar welaýatynda söweşlerde ulanylan ýadro bolmadyk iň güýçli ýaragyň peýdalanylmagynyň netijesinde 13-nji maýda 94 sany söweşiji öldürilipdir. Bu ýeriň söweşijileriň baş ýolbaşçylarynyň merkeziniň ýerleşýändigi aýdylypdy.