Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Pakistanyň içinde 'terrorçylaryň gaçybatalgalaryna' zarba urjagyny aýdýar


Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýolbaşçysy general-maýor Mohammad Bagheri
Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýolbaşçysy general-maýor Mohammad Bagheri

Eýran Pakistana duýduryş berip, eger Yslamabat serhetaşyr hüjümleri amala aşyrýan sünni gozgalaňçylara garşy durmasa Tähranyň goňşy ýurduň içinde söweşijileriň bazalaryna zarba urjakdygyny aýtdy.

Eýranyň döwlet mediasynyň goşunyň başlygy Mohammad Hosein Bagherä salgylanmak bilen 8-nji maýda habar bermegine görä, Tähran “Pakistanyň resmileriniň serhetlere gözegçilik etmegini, terrorçylary tussag etmegini we olaryň bazalaryny ýapmagyny isleýär”.

Aprel aýynda sünnileriň “Jaiş al-Adil” söweşiji toparynyň öz jogapkärçiligine alan hüjüminde Eýranyň 10 sany serhetçisi öldürlipdi.

Iki ýurduň arasyndaky gowşak serhedini köp ýyllaryň dowamynda neşe gaçakçylary we söweşijiler ulanýarlar. Olar wagtal-wagtal Eýranyň howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşýarlar.

“Jaiş al-Adil” Eýranyň howpsuzlyk güýçlerine garşy ençeme hüjümleri amala aşyrypdy, şol sanda 2015-nji ýylyň aprel aýynda sekiz serhetçiniň öldürilmegine we 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda 14 sany serhetçiniň öldürilmegine degişli hadysalaryň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

Söweşiji topar öz hüjümleriniň maksadynyň esasan şaýy ilatly Eýranda sünnileriň “kemsidilmegine garşy” göreşmekden ybaratdygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG