Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Medressä edilen hüjümde welaýatyň baş ruhanysy öldürildi


Regionyň kartasy

Owgan resmileri ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Parwan welaýatynda dini mekdepde bolan bomba partlamasynda baş ruhanynyň wepat bolandygyny we azyndan dört studentiň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Häkimiň orunbasary Şah Wali Şahid partlamanyň regionyň paýtagty Çarakarda 9-njy maýda irden bolandygyny habar berdi.

Onuň sözlerine görä, partlamada heläk bolan Parwanyň geňeşiniň başlygy Mawlawi Abdul Rahim Hanafi hüjümiň esasy nyşany bolupdyr.

Geňeş tutuş region boýunça mollalary we mugallymlary belleýän esasy gurama bolup durýar.

Şahid derňewçileriň bombanyň dini mekdebiň içine nädip eltilendigini anyklamaga synanyşandygyny aýtdy.

“Talybanyň” tutuş ýurt boýunça hüjüm möwsümini yglan etmeginiň yzýanyna gabat gelen bomba partlamasynyň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG