Sepleriň elýeterliligi

Siriýa howpsuzlyk zolagyna BMG däl-de, orsýet harbylary gözegçilik eder diýdi


Siriýanyň Idlib welaýatynda "Al Kaýdanyň" öňki ýarany "Nusra Fronty" atly toparyň döreden barlag-geçiş nokady

Siriýanyň daşary işler ministri Orsýetiň ýolbaşçylygynda gelnen ylalaşyga laýyklykda dörediljek howpsuz zonada ok atyşygyň bes edilmegini BMG-niň gözegçiligindäki halkara güýçleriniň däl-de Orsýetiň harbylarynyň berjaý etjekdigini aýtdy.

8-nji maýda Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallem Damaskyň howpsuz zonada ok-atyşygyň bes edilmegine, kömegiň eltilmegine we göz öňünde tutulýan beýleki işlere gözegçilik etmek üçin hiç bir daşary ýurtly goşuny kabul etmejegini žurnalistlere aýtdy.

Indiki aýda dörediljek howpsuz giňişlikleriň ýaragsyz raýatlaryň we ynsanperwer kömeginiň ýeňilleşdirilen görnüşde aşyrylmagy üçin barlag-geçiş nokatlary bilen üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar.

“Orsýet tarapy şol ýerde polisiýa we harby gözegçilik merkezleriniň boljagyna kepil geçdi”, diýip Moallem aýtdy. Şeýle-de ol Siriýanyň hökümetiniň geçen aýda Orsýet, Eýran we Türkiýe tarapyndan teklip edilen howpsuz zonalary döretmäge razy bolandygyny we hökümet güýçleriniň islendik gozgalaňçy toparyň düzgün bozmagyna “berk” jogap berjegini belledi.

XS
SM
MD
LG