Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG Belarusda ölüm jezasyny ýazgardy


33 ýaşly Sýarheý Wostrykau Gomeliň regional sudy tarapyndan ölüm jezasyna höküm edildi, Belarus, 19-njy maý, 2016

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Belarusda ýakynda ölüm jezasynyň berjaý edilmegini ýazgaryp çykyş etdi. Belarus Ýewropada ölüm jezasyny berjaý edýän ýeke-täk ýurtdyr.

ÝHHG-niň Demokratik institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasynyň müdiri Mihael Georg Link 8-nji maýda çap bolan beýannamasynda geçen aýda ýerine ýetirilen ölüm jezasynyň aladalanma döredendigini aýtdy.

“Ölüm jezasy aglaba ýurtlar tarapyndan rehimsiz, adamkärçiliksiz we mertebäni depeleýän öňüni alyjy çäre bolman, suduň ýalňyşyny düzetmek mümkinçiliginden mahrum edýän jeza bolup, ol regionda düýpden ýerliksizdir” diýip, Link aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi ölüm jezasynyň ýerine ýetirilendigi hakynda Belarusda adam hukuklaryny goraýjy toparyň habar bermeginden soň geçen hepdede tankyt bilen çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG