Sepleriň elýeterliligi

Türkmen delegasiýasy Daşkentde serhedi kesgitlemek meselesini maslahat etdi


Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky serhet geçelgesi

Türkmenistanyň resmi topary türkmen-özbek serhedini kesgitlemek boýunça iki ýurduň bilelikdäki hökümetara komissiýasynyň işçi toparlarynyň Daşkentde geçirilen maslahatyna gatnaşdy, diýip resmi türkmen mediasy habar berýär.

Özbegistanyň paýtagtynda 1-5 maý aralygynda bolan bu maslahatyň Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 6-7-nji martda Türkmenistana eden saparynyň dowamynda gelnen ylalaşyklary berjaý etmegiň çäginde geçirilendigi aýdylýar. Daşkentdäki duşuşygyň netijesinde protokola gol çekilip, 2017 ýyl boýunça işleriň planynyň kesgitlenendigi bellenýär.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda döwlet serhetlerini kesgitlemek boýunça gepleşikler ýakynda gaýtadan başlanyp, 27-30-njy mart aralygynda Türkmenabat şäherinde bu mesele boýunça iki ýurduň bilelikdäki hökümet komissiýasynyň maslahaty geçirilipdi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň uzynlygy 1621 kilometrlik umumy serhedi bar.

Iki ýurduň serhetýaka regionlarynyň ýaşaýjylary üçin göz öňünde tutulan ýeňillikli syýahat mümkinçilikleri 2013-nji ýylyň güýzünde ýatyrylypdy. Serhetýaka regionlaryň ýaşaýjylarynyň goňşy ýurda her aýda üç gün möhlet bilen wizasyz baryp gaýtmak mümkinçiliginiň şu ýylyň 25-nji ýanwarynda gysga wagtlyk gaýtadan dikeldilendigi habar berilipdi.

XS
SM
MD
LG