Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trump Orsýet bilen gatnaşygyny derňän Federal derňew býurosynyň müdirini işden boşatdy


Federal derňew býurosynyň (FBI) müdiri James Komeý, Waşington, 3-nji maý, 2017
Federal derňew býurosynyň (FBI) müdiri James Komeý, Waşington, 3-nji maý, 2017

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump öz saýlaw kompaniýasynyň Orsýet bilen gatnaşyklarynyň derňewine ýolbaşçylyk eden Federal derňew býurosynyň (FBI) müdiri James Komeýi wezipesinden çetleşdirdi.

“Prezident Federal derňew býurosynyň müdirini işden boşatmak hakynda baş prokuroryň we baş prokuroryň orunbasarynyň rekomendasiýalaryny kabul etdi” diýip, Ak Tamyň metbugat wekili Sean Spiser 9-njy maýda žurnalistlere aýtdy.

Tramp Komeýe ýazan hatynda ýurduň baş kanun goraýjy agentligine “netijeli ýolbaşçylyk etmäge siz ukyply däl, täze ýolbaşçy gerek" diýdi.

Federal derňew býurosynyň müdirleri 10 ýyl möhlet bilen bellenýär. Öz edarasynda abraýa eýe bolan 56 ýaşly Komeý dört ýyl mundan ozal öňki prezident Barak Obama tarapyndan bellenipdi.

XS
SM
MD
LG