Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli diplomaty 9-njy maýda ABŞ-nyň BMG-däki maliýe goşandyny 640 million dollar möçberinde azaltmagyny tankyt etdi we global problemalaryň parahatçylykly çözgüdiniň hem harby meseleler ýaly möhümdigini belledi.
ABŞ-nyň sentýabr aýyna çenli býujeti geçen hepdede Kongress tarapyndan tassyklanyp, BMG-niň agentlikleri üçin niýetlenen pul 640 million dollar möçberinde az görkezildi, ABŞ-nyň harby býujeti 15 million dollar möçberinde artdyryldy.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde eden çykyşynda ÝB-niň BMG-niň agentlikleriniň ýarysyndan gowragynyň býujetini meýletin maliýeleşdirýändigini, sebäbi Bütindünýä saglyk guramasyny, Bütindünýä azyk programmasyny we UNISEF çagalar fonduny parahatçylyk üçin zerur diýip hasap edýändigini aýtdy.
ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý 9-njy maýda BMG-de eden çykyşynda býujetiň azaldylmagyny agzamady, emma Siriýa, Demirgazyk Koreýa we Eýrana garşy has berk we jezalandyryjy hereketlere ündedi.