Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kiýewde Ýewrowideniýäniň ikinji ýarym finaly geçirilýär


Romynyýaly Ilinça we Aleks Florea, Kiýew, 10-njy maý, 2017

Ýewrowideniýe aýdym ýaryşynyň Ukrainanyň paýtagty Kiýewde 11-nji maýda geçirilýän tapgyrynda 18 çykyş ediler. Olardan diňe onusy jemleýji tapgyra geçer.

Ýaryşyň ýarym finalynyň ikinji tapgyry Kiýewiň halkara sergi merkezinden göni efirde görkeziler. Oňa Belarusyň Nawidband topary, Makedonianyň aýdymçysy Jana Burçeska, Romynyýaly Ilinça we Aleks Florea we Serbiýadan Tijana Bogiçewiç çykyş ederler.

Ukraina Ýewropanyň iň uly telewizion çäresi Ýewrowideniýe ýaryşyny geçirmek hukugyna geçen ýylda eýe bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG