Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: ABŞ tarapyndan goldanýan güýçler Tabka şäherini eýelediler


Siriýanyň kartasy

ABŞ tarapyndan goldanýan söweşijiler 10-njy maýda Tabka şäherini we Siriýanyň iň uly bentini “Yslam döwleti” (YD) toparynyň elinden basyp aldylar we Rakka şäherine hüjüm etmek üçin ýol açdylar.

Rakkadan 40 kilometr uzaklykda ýerleşýän Tabka şäheriniň eýelenmeginden soň YD toparynyň öz paýtagty we Siriýadaky hereketleri üçin bazasy diýip atlandyrýan şähere tarap barýan ýolda başga şäher galmady.

Kürt we arap söweşijilerini öz içine alýan Siriýanyň Demokratik güýçleri atly topar Tabka şäherini ele salmak üçin YD toparyna garşy birnäçe hepdäniň dowamynda söweşipdi we ýakynda ABŞ-nyň beren agyr ýaraglaryna eýe bolupdy. NATO-nyň ýarany Türkiýe muňa garşy çykypdy.

Strategiýa taýdan ähmiýetli şäheri we benti basyp almak boýunça hüjümlerde agyr ýaraglar bilen bilelikde ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýasynyň howa hüjümleri we ýörite güýçleri ulanyldy.

Siriýanyň Demokratik güýçleriniň geňeşçisi Nasser Haj Mansour Tabkanyň golaýyndaky bentiň häzirki wagtda “doly azat edilendigini” aýtdy. ABŞ-nyň prezidentiniň YD garşy göreş boýunça ýörite wekili Brett MkGurk Tabkanyň gaýdyp alnandygyny Twitter arkaly tassyklady.

XS
SM
MD
LG