Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş komissary Özbegistana sapar edýär


BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Raad Al Hussein

BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Raad Al Hussein 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň garaşsyzlygyny yglan eden Özbegistana bu wezipede ilkinji gezek sapar edýär.

Zeid ýurduň ýolbaşçylary, şol sanda prezident Şawkat Mirziýaýew bilen duşuşdy.

Human Rights Watch (HRW) guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiri Hýu Williamson, 10-12-nji maýda amala aşyrylýan bu sapar prezident Mirziýaýewiň başga pikire çydam etmedik we Özbegistany çärýek asyrdan köp wagtlap berk gözegçiliginde saklan öňki prezident Karimowyň etmişleriniň “sahypasyny öwürmegi” üçin pursat bolar diýip, Twitter sahypasynda ýazdy.

Mirziýaýew 30 million ilatly üzňe ýurdy açmak we beýleki ýurtlar, ilkinji nobatda goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary gowulandyrmak niýetini görkezýän käbir ädimleri ätdi.

HRW guramasynyň Ýewropanyň mediasy boýunça müdiri Andrew Stroehlein “eger Özbegistan öz ugruny üýtgedýändigini görkezjek bolsa, bu, sapardan başga köp zady talap edýär” diýdi.

“1000 çemesi syýasy tussagy boşatmakdan başlamaly” diýip Stroehlein belledi.

XS
SM
MD
LG