Sepleriň elýeterliligi

Tramp Orsýetiň, Ukrainanyň baş diplomatlary bilen duşuşygyndan soň 'parahatçylyga' çagyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin bilen düşen we 11-nji maýda Twitterde çap eden suratlary

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ukrainanyň we Orsýetiň ýokary derejeli diplomatlary bilen bilelikde aýra-başga düşen suratlaryny Twitter sahypasynda çap etdi we “parahatçylygy gazanyň” diýen çagyryş bilen ýüzlendi.

“Düýn bir günüň özünde men Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin bilen duşuşdym” diýip, Tramp 11-nji maýda olar bilen Ak Tamda geçiren duşuşygynyň suratlarynyň gapdalynda ýazdy.

“Geliň parahatçylygy gazanalyň” diýip Tramp ýazdy.

Tramp Klimkin bilen öňünden duýdurylmadyk duşuşygyny, Lawrow bilen gepleşiginiň yzýany geçirdi. 10-njy maýda Lawrow döwlet sekretary Reks Tillerson bilen duşuşdy.

Moskwanyň we Kiýewiň arasyndaky gatnaşyklar Orsýetiň 2014-nji ýylyň mart aýynda Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp öz düzümine goşmagynyň yzýany we Ukrainanyň gündogarynda durnuksyzlygy öjükdirmegi sebäpli ýaramazlaşypdy. Gündogar Ukrainada hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky uruş zerarly 9900-den gowrak adam wepat boldy.

Orsýetiň hereketleri Ýewropa Bileleşigini we ABŞ-ny Moskwa garşy sanksiýalary girizmäge iterdi.

Döwlet departamentiniň habar bermegine görä, Tillerson Lawrow bilen geçiren gepleşiklerinde “Orsýete garşy sanksiýalaryň Moskwanyň olaryň girizilmegine sebäp bolan hereketlerini bes edýänçä saklanjakdygyny” duýdurypdyr.

XS
SM
MD
LG