Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnyý Orsýete dolandy we 147 şäherde geçiriljek protesti goldamaga çagyrdy


Orsýetiň oppozision lideri Alekseý Nawalnyý YouTube websaýtynda ýerleşdiren wideosynda
Orsýetiň oppozision lideri Alekseý Nawalnyý YouTube websaýtynda ýerleşdiren wideosynda

Orsýetiň oppozision lideri Alekseý Nawalnyý Ispaniýada operasiýa edileninden soň 11-nji maýda öýüne dolandy we planlaşdyrylan demonstrasiýa boýunça işe girişdi.

“Men gaýdyp geldim” diýip, Nawalnyý Twitterde ýazdy, şol bir wagtyň özünde-de Nawalnyý YouTube websaýtynda ýerleşdiren wideosynda öz tarapdarlaryny indiki aýda 147 şäherde geçirilmegi planlaşdyrylýan korrupsiýa garşy ýörişe gatnaşmaga çagyrdy.

Nawalnyý özüniň Ispaniýada bolan wagtynda prezidentiň protestleri geçirmek düzgünini berkitmek boýunça çykaran permanynyň planlaşdyrylan çäreleriň öňüni almak üçin niýetlenendigini belledi.

Harizmaly oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý indiki ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak isleýär. Ol Orsýetiň dürli ýerlerinde öz kampaniýasynyň edaralaryny açmagyny dowam etdirjekdigini aýdýar.

Nawalnynyň mart aýynda guramalaşdyran hökümete garşy ýörişi Orsýetde soňky ýyllarda geçirilen iň uly protest çykyşy boldy.

Nawalnyý areliň aýagynda, Moskwada hüjüme sezewar edildi. Onuň gözüne ýaşyl reňkli himiki suwuklyk sepdiler we netijede syýasatçynyň gözüne himiki ýanyk ýarasy düşdi.

Nawalnyý zeper ýeten gözüniň Barselonanyň keselhanasynda edilen operasiýadan soň birnäçe aýda görüp başlajagyna lukmanlaryň garaşýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG