Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow ýene kadrlaryny çalyşdy


Gurbanguly Berdimuhamedow
Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda nobatdaky kadr çalşygyny geçirdi.

Ýakynda aradan çykan wise-premýer Batyr Ereşowyň ýerine “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy bolup işlän Muhammetmyrat Aaýdogdyýew bellenildi. Ol senagat meseleleriniň daşyndan Lebap welaýatyna hem gözegçilik eder.

Söwda toplumyna gözegçilik eden wise-premýer Batyr Atdaýew wezipesinden boşadylyp, baş prokurorlyga bellenildi. B.Atdaýewiň ornuna Daşoguz welaýatynyň häkimi bolup işlän Orazmyrat Gurbannazarow wise-premýer bellenildi. Şeýle-de ol, söwda toplumyndan başga, Ahal welaýatyna gözegçilik eder.

Daşoguz welaýatynyň häkimligine Mämmet Baýramgulyýew bellenildi, ol ozal Daşoguz şäheriniň häkimi bolup işleýärdi.

Ýazgeldi Annaýew “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary hem-de Türkmenistanyň prezidentiniň ahal-teke atçylyk toplumynyň iş dolandyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren Mergennepes Annanepesow bellenildi.

Mmämmetnyýaz Nurmämmedow Türkmenistanyň prezidentiniň we Ministrler kabinetiniň iş dolandyryjysy wezipesinden boşadyldy. Onuň wezipesi wagtlaýyn Türkmenistanyň prezidentiniň diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň, Türkmenistanyň prezidentiniň Köşkler toplumyny dolandyrmak we düýpli gurluşyklar müdiriýetiniň başlygy Hajymyrat Hajymyradowyň üstüne ýüklenildi.

XS
SM
MD
LG