Sepleriň elýeterliligi

BMG: Pakistanyň güýç gulluklarynda adam gynamak giň ýaýran


Pakistanyň harbylary

BMG-nyň paneli 12-nji maýda Pakistanyň polisiýasynda, harby güýçlerinde we aňtaw agentliklerinde “adam gynamak praktikasynyň giň ýaýrandygyny” aýdyp, Yslamabady gyssagly reforma geçirmäge çagyrdy.

"Polisiýa tussaglykdaky adamlaryň boýun almalaryny gazanmak üçin tutuş territoriýada adam gynamalary praktikasyny giňden ulanmaga gatnaşýar” diýip, BMG-nyň adam gynamalaryna garşy komiteti aýlap dowam eden derňewleri boýunça taýýarlan ilkinji hasabatynda aýtdy.

Täze hasabatda Pakistanyň harby güýçleriniň, aňtaw gulluklarynyň, ýarym-harby güýçleriniň ählisiniň “sudsuz jezalandyrmak, adam gynamalaryny ulanmak, zorlukly ýitirim etmek bilen düýpli derejede ilteşiklidigi” aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda ekstremizmi tankytlan bloggerleriň birnäçesiniň hepdeläp dowam eden eden-etdilikli tussaglyk mahalynda gynalandygy, emma Pakistanyň bu işleriň hiçisi boýunça derňewe başlamandygy bellenilýär. Mundan başga, hasabat döwletiň ýitirim edilen ýa öldürilen adamlaryň işi babatynda hiç bir hereket etmändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG