Sepleriň elýeterliligi

Häkimiýetler global kiber hüjümleriniň köklerini derňeýärler


Ukrain kiber hüjjmleriniň kartasy. 2016

Britan hökümeti 12-nji maýda ýurduň saglygy saklaýyş hyzmatlarynywe ýene 100 çemesi ýurduň wajyp kompýuter sistemalaryny nyşana alan global kiber hüjümleriniň arkasynda kimiň durandygyny anyklap bilmändigini aýtdy.

Britaniýanyň içeri işler ministri Amber Rudd 13-nji maýda Britaniýanyň milli kiber howpsuzlygy merkeziniň ýurduň saglygy saklaýyş hyzmaty bilen bu hüjümiň zyýanyny azaltmak we çäklendirmek üstünde işleýändigini aýtdy.

12-nji maýda 75 müňden gowrak hüjüm edildi we kiber jenaýatlary boýunça ekspertler ondan öň Orsýet, Ukraina we Hindistan ýaly Microsoft Windowsyň könelişen görnüşlerini ulanýan ýurtlardaky kiber hüjümlerini hem derňeýärdiler.

Hakerler pidalary zyýanly bukjalary açmaga çekmek bilen duzaga salmaga çalyşýarlar we ol bukjalarda pul kagyzlarynyň, iş teklipleriniň, howpsuzlyk duýduryşlarynyň we şolara meňzeş başga kanuny dokumentleriň bardygyny aýdyp, aldaýarlar.

XS
SM
MD
LG