Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan bilen Eýranyň araçäginde ýer titredi


Eýranyň Türkmenistan bilen serhedinde 5.7 magnitudly ýer yranmasy boldy.
Eýranyň Türkmenistan bilen serhedinde 5.7 magnitudly ýer yranmasy boldy.

Eýranyň Türkmenistan bilen serhedinde 5.7 magnitudly ýer yranmasy bolup, iki adamy öldürdi, ýüzlerçe adamy ýaralady we uly weýrançylyk döretdi.

Ýertitreme 13-nji maýda, ýerli wagt bilen sagat 18:00-da, Demirgazyk Horasan welaýatynyň Bojnurd şäherinde boldy. Wepat bolanlarynyň biri 54 ýaşyndaky aýal, beýlekisi ýetginjek gyz diýip, ISNA habar gullugy habar berdi.

370-den gowrak adam ýaralandy, etrapdaky jaýlaryň 40 prosenti ýykyldy diýip, habarda aýdylýar.

Sarsgynyň ojagy Türkmenistanyň serhedinden 50 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Eýranda, seýsmiki taýdan aktiw zonada ýerleşensoň, ýertitreme köp bolýar.

2003-nji ýylda 6.6 magnitudly ýertitreme 26,000 çemesi adamy öldürdi we taryhy Bam şäherini ýer-ýegsan etdi.

XS
SM
MD
LG